TARYHY ÝADYGÄRLIKLERE GEZELENÇ GURNALDY

       Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 18-nji noýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşýan wekiliýetler üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärligine gezelenç gurnaldy. Foruma gatnaşyjy daşary ýurtly ýaşlara taryhy-medeni ýadygärlikleriň taryhy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gadymy Merwiň sebitde söwda, medeniýete, bilime, halkara gatnaşyga goşan goşandy barada düşündirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan gurnalýan bu forumyň çäklerinde myhmanlara türkmen halkynyň milliligi bilen tanyşdyrmak maksady bilen türkmen el işleriniň we milli tagamlarynyň sergisi görkezildi. Foruma gatnaşyjy ýaşlarda gurnalan gezelenç ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

 

Meňzeş habarlar