SUNGAT USSATLARYŇ FESTIWALY GEÇIRILDI

      Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda 2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda günüň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly geçirildi. Bu festiwala foruma gatnaşýan wekiliýetler hem gatnaşdy. Ruhubelentlik bilen geçen bu festiwalda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň aýdym-sazlary ýerine ýetirildi. Forumyň dabaraly ýapylyşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

 

Meňzeş habarlar