MILLILIK - NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENIDIR

      Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan milli-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň barha baýlaşdyrylmagy, onuň döwrebap hukuk goragynyň üpjün edilmegi ilkinji nobatda, pederlerimizden şu günlerimize ýeten maddy we maddy däl mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr.

      Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni, maddy hem-de maddy däl mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyklyk rejelemek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, döwrebap öwüşginlerde dikeldilýär. Dünýäniň häzirki «dördünji senagat rewolýusiýasy» döwründe bolsa, täzeçillikleriň, innowasion oýlap tapyşlaryň, senagat önümçiligiň, sanly ulgamyň ileri tutulmagy bilen birlikde, her bir halkyň millilik gymmatlygyna ählumumy derejede aýratyn hormat goýulýar, milli aýratynlyklary bilen dünýä medeniýetinde yz galdyran gymmatlyklar halkara giňişliginde baýlaşdyrylýar.

      Halkymyzyň toplan gündelik durmuş tejribesiniň, däp-dessurlarynyň, edep-kadalarynyň türkmeniň gözel tebigaty bilen sazlaşykly ynsanperwer durmuş ýörelgeleri esasynda emele gelendigine ylmy, çeper, edebi mirasymyza ýüzleneniňde göz ýetirmek bolýar. Bilşimiz ýaly, ýaşaýşyň dürli şertlerinde türkmeniň bereket çeşmesine deňelen ata-babalarymyzyň durmuş tejribesinden eriş-argaç bolup geçýän milli awçylyk, senetçilik, ýerli ösümlik çig malyndan dürli dermanlyk ösümlikleri özleşdirmek, suwy ýygnamagyň we tygşytly ulanmagyň usullary, howanyň ýagdaýy barada halk arasyndaky alamatlara düşündirişler, türkmen alabaý we tazy itleri, elguşy, keçe hem-de keşdeçilik sungaty ýaly milli maddy hem-de maddy däl gymmatlyklarymyz sanardan köp. Şol bir wagtda, halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen alabaýyň ata-babalarymyzyň ykbalynda, halk döredijiliginde, çeper edebiýatynda umuman türkmen filosofiýasynda eýeleýän ornuny aýratyn bellemek gerek.

      Häzirki wagtda türkmen alabaýynyň dünýäde iň meşhur tohumlaryň biri hökmünde ykrar edilmegi onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi, türkmen halysy ýaly milli gymmatlyklar ulgamynda mynasyp ornuny kesgitleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen bir hatarda, alabaýyň medeni gymmatlygy we özboluşlylygy açylyp görkezilýär. Ýurdumyzda halk seçgiçileriniň tagallasy, alabaýyň beýleki tohumlardan goralyp saklanylmagy netijesinde türkmen alabaýy beýleki tohumlar bilen garyşman özüniň ilkibaşdaky keşbini saklap galypdyr. Ýokary hünärli it idedijileri bu tohumyň ýaşyny dürli-dürli kesgitlemekleri onuň gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny tassyklaýar. Gulaklary we guýrugy kesilen itleriň şekiljikleri dürli ýyllarda Altyndepe we Goňurdepe ýaly meşhur ýadygärliklerde tapylmagy hem aýdylanlary doly tassyklaýar. Türkmen alabaýynyň dünýäde meşhurlygy onuň, öz güýjüne ynamly, berk nerw ulgamyna şol bir wagtda, örän rahat, syzgyr, saýhally we gaýduwsyz gylyk-häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýandygynda jemlenýär. Gadym wagtlardan bäri alabaýlar diňe bir mal iti hökmünde ulanylman eýsem, sakçy, garawul hökmünde hem peýdalanylypdyr. Pederlerimiz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýlerini, goşlaryny wepadar goragçylaryna doly ynanypdyrlar.

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alabaý itleriň hormat-sarpasy, olaryň arassa tohumyny goramak we baýlaşdyrmak, dünýä meşhurlygyny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň döwlet derejesinde ileri tutulmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesiniň Watanymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy hökmünde bellenilmegi, 2020-nji ýylda Türkmen alabaý itleri assosasiýasynyň döredilmegi, Ahal welaýatynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň, welaýatlarymyzda bolsa türkmen alabaý itleriniň karantin hem-de tohumçylyk merkezleriniň, ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde kinologiýa hünäriniň açylmagy aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. 2022-nji ýylyň 26-njy iýulyndan resmi taýdan güýje giren «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bolsa, ýurdumyzda tohum itleriň genofonduny gorap saklamagyň, itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginiň kanuny esaslaryny üpjün edýär. Kanuna laýyklykda türkmen alabaý itleri türkmen halk seçgisi tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda döredilen tohum itler hökmünde kesgitlenilip, olary köpeltmek, hasaba almak, itleriň tohumçylyk kitaplarynyň döredilmegi we ýöredilmegi ýaly zerur jemgyýetçilik gatnaşyklary hukuk taýdan kadalaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda türkmen alabaýlary bilen birlikde, türkmen tazy itleriniň hem gymmatlygynyň kanun esasynda ykrar edilýändigi bellenilmäge mynasyp. Sebäbi, halkymyzyň awçylyk medeniýetinde özüniň duýgurlygy, syzgyrlygy we çalasynlygy bilen tapawutlanýan tazy itleriniň wajyp orny bar. Gadymy türkmen topragynda müňýyllyklardan geçip gelen ýyrtyjy guşlar we türkmen tazysy bilen aw etmek sungatynyň bu gün milli aýratynlygyň, medeni özboluşlygyň we ruhy sagdynlygyň alamaty bolmak bilen bir hatarda onuň tebigat bilen baglydygyny ýagny, tebigaty goramakda bu medeniýetiň ornunyň örän uludygyny hem görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, aw — bu ilkinji nobatda, Türkmenistanyň gözel tebigaty bilen tanyşmaga mümkinçilikdir. Pederlerimiziň sungat derejesine ýetiren awçylyk tejribesinde tebigatyň parasatlylyk kadasy berjaý edilýär. Halkymyzda aw edilende ýedi sany aw tutanyňdan soň pygamber awy boldy diýilip, awy bes etmek edebine eýerilýär. Türkmeniň elguşy bir günde bäş-alty awdan artyk aw tutmaýar, bu ýyrtyjy guş bilen aw edilende ganatly awçy hiç haçan öz ömür örüsi bolan tebigata zyýan ýetirmeýär. Çünki, guşyň tebigatynda aw sanyny oňaýly kadalamak ukyby bardyr. Munuň özi, tebigatyň her bir jandarynyň hereketiniň, rejelilik we oňaýlylyk kadasy bilen sazlaşykdadygyny beýan edýär. Çünki, tebigatyň jandary bolan elguşyň özi hem tebigatdan rejeli peýdalanmagyň nyşany bolup durýar. Dogry we kadaly gurnalan awyň bu görnüşini türkmeniň medeni sungaty, şol bir wagtda tebigaty tygşytly peýdalanmakda, ynsanyň kanagatly bolmagynda hem tebigy ýardamçy hökmünde görkezip bolar. Bularyň ählisi kökleri gadymyýete uzaýan halkymyzyň toplan şeýle sazlaşykly durmuş tejribesiniň baýlaşdyrylmagynyň we umumadamzat mirasynyň hazynasyna goşmak üçin ylmy taýdan öwrenilmeginiň wajyplygyny esaslandyrýar.

      Umuman, halkymyz milli mirasynyň maddy we maddy däl, taryhy-medeni hem-de tebigy obýektlerini tebigatyň edep-kadalary bilen sazlaşykda däp-dessurlar, adatlar arkaly gündelik durmuş tejribesinde ulanypdyr. Şeýle durmuş tejribäniň taryhy kökleriniň gadymylygy, ýaşaýyş durmuşy üçin halkymyz bilen birlikde, dünýä halklary üçin hem ähmiýetliligi bolsa, olaryň goragynyň milli we halkara derejede üpjün edilmeginiň, öwrenilmeginiň, dikeldilmeginiň, baýlaşdyrylmagynyň we nesilden-nesle geçirilmeginiň kanunalaýyklygyny tassyklaýar.

 

 

Atamyrat BEKÇIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY