SPORT DIPLOMATIÝASY

       Ýer togalagynda ençeme döwletler, paýtagtlar bar. Milliardlarça ynsanlar bu ýerde ýaşaýarlar. Ählumumy asudalygyň we hoşniýetligiň tarapdary bolan ynsanyýet öz öňünde belent maksatlary goýýar: birek-birege mähirli gatnaşyklar, dostluk, söýgi we ýene-de bolup biläýjek ähli oňatlyklar. Ähli döwletlerde bolşy ýaly, Türkmenistan hem şeýle oňatlyklar bilen gurşalan döwlet. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, dünýäde asudalygyň we parahatçylygyň şäheri diýlip ykrar edilýär. Munuň şeýledigini, bu künjegiň “Aşyklaryň şäheri”, “Aziýanyň merjen şäheri”, “Ak mermer binalaryň şäheri”, “Merkezi Aziýanyň ylalaşdyryjy merkezi” diýlip atlandyrylmagy-da subut edýär.

       Ählumumy oňatlyklar barada gürrüň edilende, sporta aýratyn orun degişlidir. Sport ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan güýçdür. Ol diňe bir ýaryşlaryň toplumy däldir. Sport arkaly dostlaşmak, özara ysnyşmak we hoşniýetli gatnaşyklara ýol açmak mümkindir. Ýurdumyzda sportuň giň gerim almagy, daşary syýasatymyzda esasy ugurlaryň hatarynda görülmegi Watanymyzyň dünýäde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlykly gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bolýar. Çünki sport sebitde we dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň nusgasydyr.

       Taryhy tejribä nazar salsak, diplomatiýa arkaly halklar we ýurtlar syýasy taýdan özara gatnaşyklarynda dostluk-doganlygy berkitmäge, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we alyp barmaga giň mümkinçilikleri gazanýar. Dünýäniň öňünde durýan ählumumy maksatlar, ýagny ösüş we parahatçylyk, ilkinji nobatda, ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna, ählumumy ösüş ýolunda olaryň berk we jebis sazlaşygynyň kemala gelmegine, şol esasda köptaraplaýyn oňyn gatnaşyklara ýol açylmagyna oňyn täsir edýär. Şu babatda sporta hem möhüm orun degişlidir. Dünýä taryhynda tejribäniň görkezişi ýaly, şu wagtky döwre çenli sport ýurtlaryň arasynda parahatçylygy we abadançylygy ýola goýan serişde hökmünde hyzmat edip geldi. Olimpiýa oýunlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatlary, sebitiň iri möçberli halkara ýaryşlary — ähli döwürlerde-de ynsanlaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi we dostluk-doganlygy ýola goýmakda  we berkitmekde netijeli ädim boldy. Köp sanly döwletler iri möçberli ýaryşlary kabul edip, bütin dünýäde uly abraýa eýe boldular, ýene-de köp sanly döwletler halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleri bilen, öz ýurdunyň sportunyň altyn sahypalarynda möhürlenjek uly ýeňiş serpaýlaryna mynasyp boldular. Şunlukda, dünýäniň sport giňişliginde halkara sport gatnaşyklary kemala geldi we öz çäklerindäki dürli ugurlar esasynda köptaraply hyzmatdaşlyk ugurlary döredi.

       Diplomatiýanyň özi özara hyzmatdaşlygyň ygtybarly guraly bolmak bilen, halklary dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, barha ysnyşdyrýar. Has takygy, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy we agzybirligi syýasy nukdaýnazardan ýola goýýar. Ol syýasy abadançylygyň jebis we ygtybarly nusgasydyr. Sport hem öz gezeginde türgenleri, tälimçileri we janköýerleri birek-birege ysnyşdyrýan, dost-dogan bolmaga çagyrýan, ygtybarly täsir ediji güýçdür. Dünýä döwletlerinde bu ugra uzak döwürlerden bäri uly üns berilýär we daşary syýasatda ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Emma her döwlet özüniň mümkinçiliklerine we ilatynyň ruhy-medeni esaslaryna, ýörelgelerine laýyklykda, ösdürýär. Muňa garamazdan, maksatlary bir ynsanlary sport diýlip atlandyrylan jadylaýjy sungata çekmek we olaryň beden berkligini, ählumumy ruhubelentligini, dostlugyny gazanmakdyr. Bir ýurtda geçirilýän Dünýä çempionaty şol ýerde onlarça, belki ýüzlerçe döwletlerden müňlerçe wekilleri bir ýere jemleýär, olaryň gatnaşyklaryna oňyn täsir edip, dostluk-doganlyk nukdaýnazaryndan ösdürmäge mümkinçilik berýär, şol esasda bolsa halkara derejeli köptaraply häsiýete eýe bolan sport gatnaşyklary kemala gelýär.

       Türkmen sportuny dünýä tanadan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY