TÜRKMENISTAN SPORT DÖWLETINE ÖWRÜLÝÄR

      Kuwwatly ykdysadyýet, dünýä tejribesine ymtylyş we ösüşe bolan netijeli ädimler üstünlikleriň esasyny düzýär. Bu babatda sporta aýratyn orun degişlidir. Sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän çäreler bolsa, giň möçberli türkmen sportunyň ähmiýetini barha dabaralandyrýar. Şeýle üstünlikler diňe ykdysady kuwwaty ýokary bolan döwletde mümkin. Gysga taryhy döwrüň içinde türkmen sporty uly üstünliklere beslendi. Ösüşiň belent sepgitleri bilen, ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň belent ykrarnamasyna mynasyp boldy.

      Sport ynsanlara diňe bir beden berkligini, jan saglygyny bagyş etmän, eýsem olaryň ruhuny belende galdyryp, hoşniýetli gatnaşyklara ýol açýar. Ähli döwürlerde-de ählumumy dostlugy we parahatçylygy, özara agzybirligi, jebisligi we raýdaşlygy şygar edinen sport adamzadyň öňünde diňe oňyn maksatlary goýýar. Ýurdumyz bolsa, oňyn maksatlary durmuşa geçirmekde, parahatçylygy wagyz etmekde sebitde we dünýäde nusga bolup çykyş edýär.

      Sportuň köp sanly görnüşlerinden baş çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýänleriň sany bu günki gün has-da artýar. Indi ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysynyň durmuşynda sport asylly endige öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baş maksady berk bedenli, gujur-gaýratly, tutanýerli, sagdyn pikirlenýän nesilli kämil jemgyýeti kemala getirmekdir.

      Dünýäniň sport giňişliginde belent sepgitleriň aýdyň beýanyna öwrülen türgenlerimiziň ajaýyp ýeňişleri bilen türkmen tugy barha belentde pasyrdaýar. Ajaýyp döwri bagyş eden, Watanymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize biz — ýaşlaryň alkyşlary çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

SPORT DIPLOMATIÝASY

Indiki makala

KATARYŇ TÄSIN MUZEÝI

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY