KATARYŇ TÄSIN MUZEÝI

     Katar Ýakyn Gündogarda ýerleşýän dünýäde söwda we senagat taýdan ösen döwletleriň biridir. Paýtagty Doha şäheridir. Meýdany o diýen uly bolmadyk ýurt tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlarda durýar. Şeýle hem bu döwlet medeniýet merkezleri we öňdebaryjy muzeýleri bilen dünýä meşhurdyr. Şolaryň biri-de, Yslam sungaty muzeýidir. Bu täsin künjek ýurduň paýtagtynda ýerleşýär. Bu muzeý ussat binagär Io Min Peýiň taslamasy esasynda gurlup, 2008-nji ýylda açylýar. Asly hytaýly bolan Io Min Peý ABŞ-da ýaşaýan dünýä belli arhitektor bolup, Boston şäherindäki Jon Henkok diňi, şol ýerdäki Jon Kennedi adyndaky kitaphana, Singapuryň Raflz-Siti binalar toplumy, Ýaponiýadaky Miho muzeýi, Pariždäki Luwr piramadasynyň piramida şekilli özboluşly desgalaryň gurluşygynda ussat arhitektoryň hyzmatlary uludyr.

     Muzeýiň aýratynlygy gündogaryň binägärlik däpleri esasynda gurulmagydyr. Muzeý yslam dünýäsiniň özboluşly medeni mirasyny özünde saklaýar. Her bir eksponatyň özboluşly şekil bilen öwüşgin atmagy, bu ýere gelenleriň bada-bat ünsüni çekýär.

 

 

 

Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň

pensiýa gaznasy bölüminiň başlygynyň kätibi,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY