16-njy noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň işine badalga berildi. Foruma gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan gelen wekiller ir säher bilen Mary welaýat kitaphanasyna geldiler we bu ýerde gurnalan sergä aýlanyp gördüler. Türkmen milli el işleriniň, amaly haşam, zergärçilik önümleriniň hem-de ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ýetilen sepgitler bilen tanyşdyrýan sergi daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň açylyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Umumy mejlisde wekiliýetleriň ýolbaşçylary öz ýurtlarynda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty barada giňişleýin çykyş etdiler.
Şeýle-de forum «Sebitdäki Ýaşlaryň Start-up başlangyçlary: durnukly ösüşiň täze paradigmasy», «Energetika howpsuzlygy: ýaşlaryň bilelikdäki başlangyçlarynyň üsti bilen geljege tarap», «Beýik Ýüpek ýolunyň özgermegi: adam kapitaly bilim ykdysadyýetiniň esasy hökmünde», «Sebitde durnukly suw deňagramlylygyny üpjün etmekde ýaşlaryň innowasiýalaryň integrasiýasy», «Beýik Ýüpek ýolunyň sanly ýollary: tehnologiýalar we innowasiýalar», «Häzirki zaman ýaşlarynyň arasynda durmuş gymmatlyklaryny emele getirmegiň guraly hökmünde sosial ulgamlar» atly bölümçelerde dowam etdirildi. Olarda çykyş edenler degişli ugurlar boýunça öz ýurtlarynda alnyp barylýan işler we olary amala aşyrmakda ýaşlaryň eýeleýän orny barada belläp geçdiler. Forumyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklara-da giň orun berildi.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ugurlardaky hyzmatdaşlykda gazanylan oňyn tejribeler baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar ösüşiň täze hil derejesine eýe bolýar.
17-nji noýabrda forumyň çäklerinde Mary myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada we Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlar syýasatynyň derwaýys meseleleri» atly işewürlik ertirligi geçirildi. Soňra forum Mary welaýat kitaphanasynda «Akwarium» görnüşindäki maslahat bilen dowam etdi. Maslahata gatnaşyjylar ýurtlaryň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmagyň, gadymdan gelýän goňşuçylyk, özara hormat goýmak däplerini aýawly saklamagyň möhümdigini biragyzdan bellediler.
Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy tarapyndan bu guramanyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan özgertmeler syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. 18-nji noýabrda säher bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärliginde gezelençde boldular. Gezelenje gatnaşyjylara bu ýeriň taryhy, medeniýeti barada gyzykly maglumatlar berildi. Bu ýerde foruma gatnaşyjylar mähirli garşylanyp, milli tagamlar hödür edildi. Amaly haşam sungatynyň uly bolmadyk sergisi foruma gatnaşyjy wekiliýetleri türkmen halkynyň özboluşly sungaty, asyrlaryň jümmüşinden gelýän däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy. Forumyň agzalary türkmen halkynyň taryhy ýadygärlikleriň senesi, onuň halkymyzyň taryhyna göz ýetirmäge bolan ähmiýeti bilen içgin gyzyklandylar.
Günüň ikinji ýarymynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwalyna hem-de forumyň dabaraly ýapylyşyna gatnaşdylar. Belli sahna ussatlary, tans hem-de folklor toparlary öz çykyşlarynda Ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki rowaçlyklyklarynyň we ösüşleriniň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň, agzybirligiň, dost-doganlygyň waspyny ýetirdiler. Ýaňlanan aýdym-sazlarda halkyň abadançylygy we ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň parahat durmuşda bagtyýarlykda ýaşamagy, döretmegi, ähli arzuwlaryň we belent maksatlaryň hasyl bolýan ýurdunda asuda durmuşda ýaşatmak ugrunda yzygiderli aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklar beýan edildi.
Forumyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi biragyzdan kabul edildi. Onda ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmaga, köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän, ýaş nesiller üçin röwşen geljegiň ak ýollaryny açýan we Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işini has-da kämilleşdirip hem-de onuň halkara giňişliginde ösdürilmegi babatynda döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri we bu forumyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin uly tagallalary eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklar beýan edildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu forumyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ýaşlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Suraý BABANIÝAZOWA,
«ARKADAGLY ÝAŞLAR»