Kadaly uky sagdyn, bagtyýar durmuşyň özenidir. Adam ukuda wagty bedende dikeldiş we sagaldyş hadysalary hereket edýär. Şonuň üçin günüň dowamynda uly adamlara azyndan 8 sagat, çagalara bolsa 10 sagat uklamak maslahat berilýär. Hünärmenler ukynyň adamyň diňe saglygyna peýdasy bolman, eýsem, şähdiňi açýandygy barada hem aýdýarlar. Ortaça hasap bilen alnanda adamlar wagtynyň üçden bir bölegini uklap geçirýärler. Wagtly-wagtynda ukyny almak adam saglygy üçin örän möhümdir.
Uky günüň dowamynda toplanan duýgulary, täsirleri sazlaýjy hasaplanýar. Şonuň üçin adam ukudan oýananda, bedende we beýnide hiç hili pikirler, ýadawlyk bolman ýeňillik hem-de arkaýynlyk duýulýar.
Adam ukuda wagty merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna geçip, bedeni ertirki güne taýynlaýar. Şonda ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlary sazlaşykly işleýär. Häzirki döwürde daşky gurşawyň bedene ýetirýän täsiriniň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, günüň dowamynda 15-45 minudyň dowamynda uklamak, dynç almak maslahat berilýär. Beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, uky hem merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin möhüm bolup durýar. Ýogsada, gowy uklamak, dynç almak üçin näme etmeli?! Käbir adamlar ýadaw halynda bolsada ýatyp, ukusyny kadaly ýagdaýda alyp bilmeýärler. Näçe köp uklan hem bolsa hem dynjyny alyp bilmeýän adamlaryň bolşy ýaly, juda az uklaýan adamlarda az däldir. Her kimiň uklaýan wagty tapawutly hem bolsa, adamyň saglygy üçin gündelik ortaça 8 sagatlyk ukyny has peýdalydygy mälimdir.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.