ÇAGALAR BAGYNDA MONTESSORI USULYÝETI

     Ynsan doglandan enäniň hüwdüsi, ýürek ýylysy, ýakymly senalary bilen dünýä aralaşyp başlaýar. Çagalar bagyna gatnap başlanyndan özüne täze bir dünýäni açýar. Ol bilimler dünýäsiniň basgançagyna göterilýär. Çagalar bagy körpelere täze dünýäniň gapysyny açyp, oňa ösüşe, özgerişe badalga berýär. Körpeleriň şu ýolunyň başlanýan ýerinde zähmet çekýän edara ýolbaşçylaryna, terbiýeçilere, mugallymlara ýokary jogapkärçilik düşýär.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe nesil terbiýesi döwletiň iň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen çagalara dünýä derejesinde bilim, ylym bermek we olary milli ruhda terbiýelemek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

       Biziň çagalar-bakja bagymyz hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde ýerleşýär. Bag-bakjasy bilen seleňläp oturan owadan, 1-nji çagalar bagymyza, işine jür, talapkär Saparalyýewa Gülnar ýolbaşçylyk edýär. Gülnar mugallymyň ýolbaşçylygynda çagalar-bakja bagymyzyň işleri gün-günden ösýär we özgerýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işleriniň netijeliligi köp derejede bu edaranyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky agzybirlige we jebislige bagly bolup durýar.

       Biz çagalar bakja-bagymyzda her bir alyp barýan işlerimizi Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan ugur alyp, çagalar bagymyzyň ýyllyk iş meýilnamasyny düzýäris. Meýilnamada ilki bilen, okuw-terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede guralmagynyň ýollaryny görkezýäris. Mugallym-terbiýeçileriň giňişleýin geňeşlerini geçirýäris.

       Hormatly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamyna dünýä tejribesinde ykrar edilen bilim beriji tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şeýle tehnologiýalaryň biri hem Montessori usulyýetidir. Dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan bilim we terbiýe bermegiň Mariýa Montessori tarapyndan esaslandyrylan usulyýeti bilimiň ynsanperwerlige daýanýan, çagalaryň erkin ösüşini tejribede netijeli ulanýan usulyýetiniň biridir.

       1-nji çagalar bagymyz  2023-2024-nji okuw ýylynda  hem Türkmenistanyň bilim ministrliginiň beren düzgünnamalaryny we maksatnamalaryny çagalar bagynyň durmuşyna ornaşdyrmak, Türkmenistanyň mekdebe çenli döwlet bilim standartlarynyň maksatnamasyny durmuşa geçirmekde birnäçe işleri alyp barmaklygy maksat edinýär.

 

Aýnabat GARLYÝEWA,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 1-nji çagalar

bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Indiki makala

NARPYZ

Meňzeş habarlar

05 Oktýabr 2024 | 3014 okalan

UÇÝAN TEHNOLOGIÝALARYŇ ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 342 okalan

DÜNÝÄNIŇ IŇ BAGTLY ŞÄHERI

05 Oktýabr 2024 | 849 okalan

HAZAR DIPLOMATIÝASYNYŇ TÜRKMEN NUSGASY