Watan keşbi ajaýyp bir esere meňzände, onuň waspy ynsan kalbynyň iň gözel duýgulary bilen sazlaşýar. Çünki, Watan düşünjesi örän uly we çuň mana eýe bolmak bilen, her bir ynsanyň diliniň senasy, kalbynyň joşguny bolup durýar
Hawa, ata Watanyňy wasp etmek şahyra adat. Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Mätäji, Seýitnazar Seýdi, Zelili hem ýaşan döwründe Watana bolan söýgüsini, mähir-muhabbetini öz şygyrlaryna siňdiripdir. Sözümiň şu ýerinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň şeýle setirleri ýadyňa düşýär:
Bina bary bezäp dur gül mekanym,
Diňle hoştap howaň eşret mukamyn,
Gadryn bil akabaň, bagt sakanyň,
Şu Diýarda doglanyňa buýsan sen!
Hakykatdan hem, toý-baýramlaryň hem-de bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen asuda Watanda doglandygyňa, ýaşaýandygyňa, döredijilikli zähmet çekýändigiňe guwanmak gerek. Şu ajaýyp pursatda şeýle eşretli döwür-döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjymyz has hem artýar. Dogrudan hem, heňňamlaryň hakydasynda könelmeýän bir hakykat bar. Watanyň beýikligi şahsyýetine, şahsyýetleriň beýikligi bolsa, Watanyna baglydyr. Çünki, biziň her bir günümiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak üçin öňe sürýän beýik başlangyçlaryndan başlanýar. Muny bolsa, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-18-nji noýabrynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň üstünlikli geçmeginde aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Ýadymyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 19-njy maýynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparyň barşynda «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitinde çuňňur mazmunly çykyş edip, biziň ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Şol sammitiň hem, gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýada «Derweze» diýlip atlandyrylyp gelinýän Mary şäherinde we Beýik ýüpek ýolunyň başlangyç nokady bolan Hytaýyň Sian şäherinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki günde hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň asyrlaryň dowamynda halklary we medeniýetleri birleşdiren gadymy söwda ýolunyň möhüm çatrygy bolan Mary şäherinde üstünlikli geçirilmegi hem uly mana eýedir.
Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Hytaý Halk Respublikasyndan ýaşlary bir ýere jemlän forumyň täsiri hakda söhbet etmek bolsa, örän ýakymly. Forumyň gün tertibine laýyklykda, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşi ýola goýuldy. Daşky gurşawyň durnuklylygy, howanyň üýtgemegi, ylym-bilim, innowasiýalar, medeniýet we sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda foruma gatnaşyjy ýurtlaryň tejribesi öwrenildi, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dürli maksatly bölümçeleriň, «Merkezi Aziýada we Hytaý Halk Respublikasynda ýaşlar syýasatynyň derwaýys meseleleri» atly işewürlik ertirliginiň, «akwarium» görnüşindäki maslahatyň forumyň dowamynda geçirilmegi bolsa, Merkezi Aziýa- Hytaý ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki meseleleri ara alnyp maslahatlaşylmagynda uly ähmiýete eýe boldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň jemleýji gününde foruma gatnaşyjy ýurtlaryň Gadymy Merwiň taryhy-medeni ýadygärliklerine aýlanyp görmekleri, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen foruma gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky alyp barýan syýasatynyň dünýä giňişliginde belent sarpa mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Mahlasy, ýaşlaryň durmuşyndaky şeýle ösüşler we özgerişlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ak ertirlere sary ynamly barýan bagtyýar, köňülleri eziz Watanymyza bolan buýsançdan doly, hyjuwly ýaşlary okamaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar.
Goý, ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi hökmünde kesgitläp beren türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.