Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen Bitaraplygy has-da dabaralanýar, täze öwüşginler we mazmun bilen baýlaşdyrylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmegi, şeýle hem bu abraýly halkara guramasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip ykrar edilmegi taryhy ähmiýetli waka hökmünde döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orun alýar. Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen dünýäde ýeke-täk döwlet bolup durýar. Dünýäniň parahatçylygyna we dostana gatnaşyklara aýratyn ähmiýet goýýan ata Watanymyzyň ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, ynsanperwerlik ulgamlarda halkara derejesinde amala aşyrýan beýik işleri dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagynda ähmiýetli orny eýeleýär.
Mukaddes Garaşsyzlyk. Hemişelik Bitaraplyk. Parahatçylyk. Bu sözleriň aňyrsynda umman ýaly many bar. Hemişelik Bitaraplyga eýe bolan günümiz halkymyzyň ösüşli menzilleriniň täze belentligini kesgitläp, türkmen halkyny öňe sary batly gadamlar bilen alyp gitmek üçin örän zerur özgertmeleri durmuşa geçirmegiň badalgasy boldy. Häzirki wagtda hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäniň onlarça döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar we halkara guramalaryň köpsanlysynyň agzasy bolup durýar. Munuň özi oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara derejesinde ýokary abraýa we giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen Bitaraplygy häzirki we geljekki nesiller üçin halkymyzyň mizemez parahatçylykly we döwletli ýoludyr. Ol ak ýollar dünýä ýurtlaryny we milletlerini arkalaşykly ýaşamaga, daşary syýasy gatnaşyklary sazlaşykly guramaga alyp barýar. Türkmen geçmişini ýagşylyga, şu gününi bagtyýarlyga beslän Bitaraplyk diplomatiýasynyň arzyly menzilleriniň maksatlary geljekde Ýer ýüzünde parahatçylygyň has-da berkemegine gönükdirilendir. Onuň wezipeleri ýaşlaryň ýokary ahlaklylyk, asudalyk, halklaryň mertebesine sarpa goýmak ýaly ata-baba gymmatlyklara bolan düşünjelerini ösdürmekden, parahatçylyk medeniýetini ýokarlandyrmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyryny duýup ýaşamak, onuň gazananlaryny gözümiziň göreji deýin goramak hem-de ösüşlerine goşant goşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.
Döwürlere şan beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, dünýäde mydama parahatçylyk sazy ýaňlanyp dursun! Ýurdumyzyň halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolup, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gözel AMANSÄHEDOWA,
TMÝG-niň Halaç etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.