WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşyk geçirildi. Kaka Dokma toplumynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda «Ahlak arassalygy — durmuş tämizligi» ady bilen geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrap hassahanasynyň wekilleri, ýaşulylary we ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, zyýanly endikleriň adam saglygyna, durmuşyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, ýaşlary sagdynlyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksadyndan ugur alnyp geçirilen bu duşuşyk diýseň täsirli boldy. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, ýaramaz endikleriň öňüni almak, nogsanlyklary ýok etmek, Watanymyza wepaly, edepli ýaşlary ýetişdirmek boýunça alyp barýan syýasaty dogrusynda giňden durup geçdiler, şeýle hem, Berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň agzybir, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ýaramaz endikleriň garşysyna göreşip, edep-terbiýeli bolmalydygy barada täsirli söhbetler etdiler.

 

Begli MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Kaka etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar