Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda her bir günümiz toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrap Bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda, etrabymyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli «Merdana nesil – 2023» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry guramaçylykly geçirildi. Bäsleşik jemi üç tapgyrdan ybarat bolup, düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda oglanjyklar bäsleşigiň 1-nji şerti boýunça özlerini türkmen halkynyň merdanalyk häsiýeti bilen wasp etdiler, 2-nji şertde bolsa oglanjyklar sahnada şowhunly şorta sözleri ýerine ýetirdiler, 3-nji şertinde bolsa şirin owazly dost-doganlygy, ata Watanymyzy, Hormatly Prezidentimizi, ýurdumyzda ýetilen üstünlikleri wasp etýän ajaýyp aýdymlary aýtdylar. Bäsleşigiň netijesinde eminler topary tarapyndan etrabyň 15-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Annageldiýew Öwezberdi 1-nji orna, 2-nji orna 31-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Sähedow Çaryýazguly, 3-nji orna 35-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Orazmyradow Şamyrat dagylar mynasyp boldular.
Etrap tapgyrynda 1-2-nji orna mynasyp bolan okuwçy oglanjyklar welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan ählije oglanlara we ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.