Ýakynda Kaka etrap medeniýet bölüminiň mejlisler jaýynda «Zenan gözelligi sözden başlanýar» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşi hem-de Zenanlar birleşigi bilelikde guradylar. Çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işewür agzalary, mährem eneler, mekdepleriň mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri we ýetginjek gyzlaryň uly topary gatnaşdylar. Her bir mukaddes ojagyň eýesi boljak ýaş gyzlaryň päk ahlakly, lebzi halal, sada, gözel görkli zenanlar bolup ýetişmekleri baradaky pikirler maslahatda edilen söhbetdeşligiň özenini düzdi. Çykyş edenler Eneler we çagalar baradaky alada, maşgala gymmatlyklaryny saklamak, gelin-gyzlaryň döredijilik we aň-bilim kuwwatyny ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilýändigini, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny uly buýsanç bilen bellediler.
Döwletimizde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, parahatçylygyň we döredijiligiň möhüm şerti bolan abadan durmuşyň üpjün edilmegi ugrunda ähli şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.