Ata Watanymyz Türkmenistan döredijiligiň, ösüşiň ýokary depgini bilen ynamly öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda, Türkmenistanda sporty halkara talaplaryna laýyk kämilleşdirmäge, sagdyn durmuşy wagyz etmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini we ýokary derejedäki türkmen sportuny ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berýär. Ýaş nesilleriň bilim almagy üçin ýurdumyzda döwrüň ähli talaplaryna laýyk gelýän döwrebap kaşaň çagalar baglary, mekdepler gurlup ulanylmaga berilýär. Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap geňeşiniň işgärleri hem-de Gökdepe etrap bilim müdirligi bilen bilelikde Gökdepe etrabynyň 21–nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda “Kim-çakgan, kim-çalasyn” atly gyzykly sport bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige jemi iki topar, ýagny “Bakja” we “Güneş” gatnaşdylar. Bäsleşikde “Bakja” topary has gowy netije görkezip öňe saýlanmagy başardy. Bäsleşik diýseň gyzgalaňly geçip, çagalaryň ýüreginde ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy.
Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.