Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň guramagynda Tejen etrabynyň ýaşaýjysy Mämmetmyradowalaryň agzybir maşgala ojagynda milli el-işlerimiziň ähmiýeti, olary ýaş nesillere öwretmek dogrusynda täsirli söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň barşynda maşgalanyň kümüş saçly enesi Enegül ene öz alyp barýan el işleri, milli keşde nusgalarynyň gelip çykyşy, her bir nusganyň aňladýan manylaryny birnäçe tymsallaryň üsti bilen gürrüň berdi.
Şeýle hem, Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungaty barada ýaş gyzlarymyza buýsanç bilen gürrüň berdi. Enegül ene öz el işlerini gyzlaryna –gelinlerine, agtyklaryna öwredýändigini, gelin-gyzlaryň ýörite islegleri boýunça el işleriniň häzirki döwürde täze öwüşgin bilen has-da baýlaşdyrylýandygyny belledi. Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa, milli mirasymyza uly hormat goýýan, milliligimize giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.