WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli dowam edýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 5-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň we etrap KÝÝIBT-niň bilelikde gurnamagynda “Täze ýyl baýramçylygyna ýokary taýýarlyk!” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Täze ýyl baýramçylygynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda mekdep okuwçylarynyň köpçülik ýerlerinde tertip düzgüni berjaý etmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada aýratyn ähmiýet berilýändigi, ýaş nesle uly ynam bildirilýändigi, olaryň watansöýüji, ilhalar, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri babatda mynasyp tagalla edilýändigi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge, ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA