Tejen etrap häkimliginiň, Tejen etrap kazyýetiniň hem-de TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda etrabyň ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň mejlisler jaýynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, arassa ahlaklylygy, ynsanperwerligi, ruhy tämizligi, milli watansöýüjiligi, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan agraslygy, asyllygy wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Sagdyn ýaşlar bagtyýarlyk döwrümiziň aýnasydyr» atly şygar astynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary, Tejen etrap häkimliginiň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we saglyk ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň asuda, abadan durmuşy ündeýän, adyllyga ýugrulan ynsanperwer syýasatlarynyň, ýaşlar barada edýän ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrlan sport desgalarynyň bilim ojaklarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlaryň ylymly, bilimli, döwrebap adamlar bolup ýetişmekleri, ýaş nesilleriň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýaşlary wepaly, watansöýüji bolmaklyga çagyrdylar. Şeýle-de çykyşlarda nesil terbiýesi barada birin-birin durlup geçildi we ýaşlara edep-terbiýelilik, arassa ahlaklylyk häsiýetleri ündeldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn ýaşaýşy berkarar etmek, adam mertebesini belende galdyrmak, halkymyzyň asuda bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Ogulsenem ÇALOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.