Ata Watanymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlanýar. Täze ýyl arçalary, Aýazbabadyr Garpamyk çagalaryň şatlygyna şatlyk goşýar. Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri hem ýakynda Babadaýhan etrabynyň toý mekanynda «Hoş geldiň täze ýyl, salam täze ýyl» ady bilen Babadaýhan etrap häkimliginiň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Çärä etrap häkimliginiň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Aýdym-sazlar çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Halkyny toýly Diýarda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkyny ýetip gelen täze ýyl baýramy bilen gutlaýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin.
Leýli BEGENJOWA,
TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.