Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda adyndan hem belli bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesiller barada döwlet derejesinde birnäçe işler alnyp barylýar. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda alada edip, ýaşlary ylmyň we bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlaryň döwrümiziň ruhuna kybap ösmegi, isleg bildirýän hünärlerini öwrenip, mynasyp kesp-käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy ýaşlara uly sowgat boldy. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp sowgady peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, halkyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny wasp edýän kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Zübeýda GURTÝAZOWA,
TMÝG-niňAhal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.