ŞOWHUNA BESLENEN DABARA

      Sarahs etrap häkimligi, TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşi, TDP-niň Sarahs etrap komiteti, TKA-nyň Sarahs etrap birleşmesi, TAP-niň Sarahs etrap komiteti, etrap Medeniýet bölümi bilen bilelikde gurnamaklarynda etrabynyň «Bagt» toý mekanynda  täze ýyla bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada baýramçylyk gutlaglary, ýagşy-arzuw niýetler beýan edilip, aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.Şeýle hem bu ýerde sahna ussatlarynyň degişme çykyşlary-da göwünleri galkyndyrdy. Şirin owazly bagşylaryň belentden ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlarynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, eziz Diýarymyz, hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işler ussatlarça wasp edildi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabarada bezemen arçanyň daş-töwereginde Aýazbabadyr, Garpamyk bilen ýaş nesilleriň belentden çykýan owazlary asuda-parahat ýurdumyzyň, bagtly çagalygyň, dost-doganlygyň waspy uly joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar gelejegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Laçyn MUHAMMEDOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň  Sarahs etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA