Ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň welaýat kitaphanasynda Ahal welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara kitaphanada zähmet çekýän hünärmenler, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem-de Ak bugdaý etrabyndaky orta hünär okuwynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmuny, onda ýaşlar üçin beýan edilen jümleleriň, pähim-parasada ýugrulan öwüt-ündewleriň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary bilen bir hatarda, her bir ynsan üçin gymmatly gollanma bolup, ýan kitabymyza öwrüljekdigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Duşuşygyň ahyrynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti bolmagyny, ýaşlarymyz üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Azat GULOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.