Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrap häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň hasda belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegiň eýeleri bolan biz ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleriň döredilýändigi şeýle hem, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdigi dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi.
Her bir çykyşlarda ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen ýaşlaryna durmuşda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.