Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly bolan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açdy.
Ýakynda Sarahs etrabynyň 21-nji orta mekdebinde ýanwar maslahaty geçirildi. Bilim işgärleriniň arasynda geçirilen maslahatda umumy bilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda okuw terbiýeçilik işleriniň talabalaýyk guralyşy, okuw maksatnamalaryň özleşdirilişi hem-de ýaş nesillere netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak dogrusynda tejribeli hünärmenleriň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Şeýle hem, ýaşlara döwrebap sowat, bilim we terbiýe bermekde gazanan üstünlikleri üçin bilim ulgamynda zähmet çekýän bilim işgärlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap birleşmesi, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komiteti, Türkmenistanyň agrar partiýasynyň Sarahs etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy hem-de bilim işgärleriniň her biri tarapyndan ylym, bilim ulgamynda döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
TMÝG-niňAhal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.