Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli edip terbiýelemek bilen bir hatarda, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklaryň öňüni almak maksady bilen Tejen etrabynyň Altyn asyr şäherindäki tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Nesil terbiýesi – bagtly geljegiň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigi, eziz Diýarymyza we merdana halkymyza söýgi hem-de wepalylyk, dost-doganlyk däplerine ygrarlylyk, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, zähmete we sporta döredijilikli garamak ruhunda terbiýelemekde uly işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda gürrüň berdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Eziz Diýarymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan, ýaşlar barada uly alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Röwşen HOJAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap
Geňeşiniň bölüm müdiri.