BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

       Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşykly buýsançly gürrüň dabaradaky çykyşlaryň özenini düzdi. Çykyş edenler gadam basylan 2024-nji ýylyň şygarynyň ýürekleri heýjana getirendigini, üstümizdäki ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toý edilýändigini bellemek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çärelerine işjeň gatnaşmagyň ähmiýetini nygtadylar. Täsirlere beslenen dabarada mekdep okuwçylary akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny labyzly okadylar. Bu bolsa, dabara gatnaşyjylaryň göwnüni has-da galkyndyrdy. Dabara gatnaşanlar Watanymyzyň nurana ertirleriniň eýeleri bolan ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyna çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Ogulsenem ÇALOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Iýul 2025 | 4 okalan

AWAZA — SYÝAHATÇYLYK MERJENI

03 Iýul 2025 | 38 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI