PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

       Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň medeniýet öýünde Babadaýhan etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Çärä etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar. Çykyş edenler ösüşleriň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler dogrusynda şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada buýsançly gürrüňler berdiler. Soňra medeniýet öýüniň bagşy-sazandalary özleriniň şirin owazlary bilen dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Çykyşlaryň her birinde halkyny eşretli zamanada ýaşadýan, okamaga, döretmäge, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA