Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara jemgyýetçilik bilen bilelikde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet islärin» diýip özbaşdak döwlet gurmak, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Şeýle çäreleriň biri hem, Sarahs etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamaklygynda etrabymyzyň Medeniýet öýünde dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirildi. Duşuşykda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, şahyryň ajaýyp goşgularyndan ýerine ýetirildi. Şeýle-de, bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeklerinde sahnany şatlyk-şowhun bilen gurşap alan aýdymlaryň şirin owazlary belentden ýaňlandy. Soňra çärede çykyş edenleriň her biri ýurdumyzy jennet mekana öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Zübeýda GURTÝAZOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.