Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde «Watan goragçylarynyň» güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň we Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda watansöýüjilik terbiýesi» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata harby gullukçylar, esgerler, ýaşulular, mährem eneler, bilim bölüminiň baýry mugallymlary, ýokary synp okuwçylar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Gökdepe etrap Geňeşleriniň agzybir işgärleri, işjeň agzalary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly maslahat Berdimuhamet Annaýewiň ýagty ýadygärligine ter gül desseleriniň goýulmagy bilen başlady. Maslahatda köp sanly çykyşlara uly orun berlip, çykyşlaryň her birinde merdana Watan goragçylarymyzy ýurdymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylar güni bilen gutlanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen halkynyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy üçin döredip berýän mümkinçiliklerine köp sagbolsun aýtdylar. Çäräniň ahyrynda mekdep muzeýine guralan gezelenç gezelenç has-da täsirli boldy.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.