RÖWŞEN GELJEGE ŞAMÇYRAG

     Ýakynda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynyň Türkmeniň «Ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň gurnamagynda «Röwşen geljege şamçyrag» atly şygar astynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligi Gülnäz Nurekowa alyp bardy.

     Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy hem-de Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli şeýle-de, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň iş meýilnamasyna laýyklykda, ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriň üsti bilen watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany we zähmete söýgini döretmek maksady bilen çykyşlar edildi. Gepleşigiň dowamynda Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýerine ýetirýän çäreleri we ýola goýlan işler dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.

     Şeýle hem, buýsançly çykyşlaryň her birinde ýaşlaryň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, halk ähmiýetli, ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi!

 

Güljeren ÖWEZMYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA