SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – ARKADAGYŇ GÖRELDESI

     Ýakynda TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň guramagynda Tejen etrabynyň 15-nji orta mekdebinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi – Arkadagyň göreldesi» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, etrap häkimliginiň wekilleri, hukuk goraýjy edaralarynyň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda ýüze çykyp biljek bidüzgünçilikler, ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, nogsanlyklara garşy ýaşlar bilen geçirilýän işleriniň alnyp barlyşy barada gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýurdumyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek babatda alnyp barylýan tutumly işleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlary berk bedenli, sagdyn ruhly, belent adamkärçilikli, ylymly, bilimli, hünär taýdan kämil bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler hakynda gürrüň etdiler. Halkymyzyň saglygy we eşretli ýaşaýşy üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ogulsenem ÇALOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA