Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi we şol bir wagtyň özünde ýurduň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew Pariž şäherinde geçirilen Gidrologiýa maksatnamasy boýunça Hökümetara geňeşiniň 6-njy nobatdan daşary mejlisinde çykyş etdi.
Mejlisiň çäklerinde Halkara Gidrologiýa maksatnamasynyň býurosynyň, şeýle hem maliýe we aragatnaşyk komitetleriniň ýolbaşçylarynyň saýlawlary geçirildi. Şeýle hem býuronyň kararlary taýýarlaýan komitetiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çaryýew ýygnananlar bilen söhbetdeşlikde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyldan her ýylyň 21-nji marty Buzluklaryň bütindünýä diýip yglan etmek boýunça Kararnamany kabul etmegiň ähmiýetini belledi. Ilçiniň sözlerine görä, bu Kararnama buzluklary gorap saklamagyň möhüm ähmiýetlidigini görkezýär.
Ilçihananyň habar bermegine görä, Maksat Çaryýew sebitiň suw ýetmezçiligi we suwy durnukly dolandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde eýelän ähmiýetli orny üçin Halkara Gidrologiýa maksatnamasynyň býurosynyň ýolbaşçylaryna çuňňur hoşallyk bildirdi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýar.
orient.tm