KURAŞ BOÝUNÇA XIV DÜNÝÄ ÇEMPIONATY: ÝEŇIŞLERDEN-ÝEŇIŞLERE BARÝAN MENZILLER

       Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sport ulgamynda gazanylan täze üstünlik hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

       Bu iri halkara sport baýramçylygynda dünýä ýurtlaryndan gelen milli ýygyndy toparlaryň agzalary jemi 60 medal ugrunda tutluşyk geçirdiler. Türkmen türgenleri çempionatyň 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medalyny eýelediler. Çempionat ýurdumyzda sport diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygyna, döwletimiziň iri sport bäsleşiklerini guramaga dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi berkitmegiň möhüm guraly hökmünde garaýandygyna güwä geçýän möhüm çärä öwrüldi.

       Mälim bolşy ýaly, bu iri sport baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň (CIGEPS) agzalygyna saýlanandygy barada hoş habaryň gelip gowşandygy habar berildi. Bu şatlykly waka «Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä derejeli iri sport ýaryşlaryny kabul etmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Biz muňa ýurdumyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris» diýip belläp geçdi.

       Çempionatda çykyş eden türgenlerimiziň ählisiniň diýen ýaly ýaşlardygyny nygtamak zerur. Bu Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, olara dünýä çykmaga giň ýol açylýandygyny aýdyň görkezýär. Ýaşlar özlerine bildirilýän bu beýik ynama mynasyp jogap hökmünde ähli gujur-gaýratlaryny, başarnyklaryny sarp edip, ýurdumyzyň sport abraýyny goramakda uly netijeleri gazandylar. Iň ýaş türgenimiz — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 29-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sabina Kadyrowanyň ilkinji ýola gatnaşýan iri halkara bäsleşiginde ýeňijiniň münberine çykyp, öz agram derejesi boýunça altyn medala mynasyp bolmagy aýdylanlara şaýatlyk edýän buýsançly ýagdaýdyr.

       Ozal habar berlişi ýaly, milli ýygyndymyzyň düzüminde erkekler toparyndan 7, zenanlar toparyndan 8 türgen çykyş etdi. Olara ýurdumyzda we halkara derejede adygan milli tälimçilerimiz — Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenow we Şirin Kubaýewa tälimçilik etdiler. Ýaryşlara eminlik etmek hormatynyň türkmenistanly halkara derejeli eminlere ynanylandygy hem dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana ynamdar hyzmatdaş hökmünde garaýandygyna şaýatlyk edýär. Asyl manysy «adalatly ýeňmek» diýmegi aňladýan kuraş boýunça halkara bäsleşigi guramakda, türgenleriň tutluşyklaryna baha bermekde, çözgüt çykarmakda eminlerimiz borçlaryny ýokary derejede we adalatly berjaý etdiler.

       Türgenlerimiziň iri sport bäsleşiginde çykyş etmekleri üçin mynasyp derejede türgenleşik işlerini geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik-binagärlik ylhamynyň netijesi bolan Arkadag şäheriniň sport toplumlarynyň maddy-enjamlaýyn binýat bolup hyzmat edendigini hem nygtamak zerur. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berilýär. Bu desgalarda işleriň sazlaşykly guralmagy ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň barha artmagyna getirdi. Munuň özi geljekde ýokary sportda şöhrat getirjek türgenleriň, tälimçileriň ýetişmegi üçin möhüm binýat bolup durýar.

       Gahryman Arkadagymyzyň: «Sport — parahatçylygyň ilçisi. Şoňa görä, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň sport diplomatiýasy dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda aýratyn orna eýedir» diýip belleýşi ýaly, paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty möhüm waka hökmünde dünýä sportunyň taryhyna hemişelik girdi diýip aýdyp bileris. Çempionaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça toplanan oňyn tejribäniň hem geljekde halkara ýaryşlary guramakda peýdalanyljakdygy ikuçsuzdyr.

 

Allaberdi SAPAROW,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky

döwlet komitetiniň başlygy.

 

«Türkmen sporty» gazeti, 01.12.2023ý.