Şu ýylyň 18-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistan – ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk tejribesi” atly breýn-ring bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplar topary ÝUNESKO guramasynyň ylym-bilim ugrundaky alyp barýan işleri, degişli ugurdaky taslamalar we maksatnamalar dogrusynda degişli soraglar boýunça bäsleşdiler.
Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar topary I oruna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplar topary II oruna, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplar topary III oruna mynasyp boldular.
Şeýle hem, şu ýylyň 20-nji dekabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy we maslahat geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, şeýle-de institutyň halypa mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Aýdym-saza beslenip geçirilen dabaranyň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan, “ Türkmenistan – ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllyk tejribesi” atly breýn-ring bäsleşiginiň ýeňijilerine hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
unesco.gov.tm