IŞJEŇ ÝAŞLAR SYLAGLANYLDY

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Geljekki nesil hakynda alada — munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr, bilim ulgamy, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr» diýip, aýratyn nygtamagy bu ugurda tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan esasy ýörelgeleri aýdyňlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär.

     Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda döwlet hem-de halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip ýokary netijeler gazanan hem-de döwlet sylaglaryna mynasyp bolan talyp ýaşlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Sylaglananlaryň arasynda institutyň talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary Pirnazar Rejepow, Mämmetoraz Orazberdiýew dagylar hem bar. Ady agzalan talyp ýaşlaryň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumda ýokary işjeňlik görkezip, forumyň guramaçylyk işlerine ýakyndan ýardam berendiklerini aýratyn bellemek bolar. Şunuň ýaly çäreleriň yzygiderli geçirilmegi bir tarapdan ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretse, beýleki tarapdan, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

     Biz ýaşlaryň ýagty ertiri, bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Gurban MYRADOW,

“Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň jogapkär kätibi.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 3 okalan

GARAŞSYZ DIÝARDA JOŞGUNLY ÝAŞLAR

26 Noýabr 2024 | 52 okalan

ENE HÜWDÜSI