Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň geçmiş mirasyny içgin öwrenmek üçin edýän taýsyz tagallalary döredijilik adamlarynyň ylhamyny has-da joşdurýar, olara ruhy lezzet berýär. Halkymyzyň baý mirasy, genji-hazynasy bar. Türkmen halkynyň beýik akyldary, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we onuň türki döwletleriniň şygryýet dünýäsine öçmejek yz galdyran eserleri muňa uly mysaldyr. Pyragy türkmeniň galagoply düýnüni, bagtyýar şu gününi, ýagty geljegini öňünden görüp, ähli zady birin-birin şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan şahyr, paýhas dänesi bilen sözden akyl çäjini döredip, aňsyza aň beren beýik dana, ähli şygyrlarynda aýdan zatlary bu gün bolsa dürs bolan welidir.
Hakdan halatly söz ussadynyň dünýä inen ýeriniň özem bir gudratly ýer. Degre-daşy belent daglara beslenip oturan Gerkez obasyny synlamaklyk ruhuňy galkyndyrýar. Ýaşyl dona bürenip, geň-enaýy tebigat gözelligini emele getirýän çeşmeli-çaýly, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän kemerli dag gerişleri ylahy saňa derelerden gaýdýan inçejik ýodalaryň üsti bilen dana Magtymgulynyň mährem şygarlarynyň owazyny şahyryň özüniň okamagynda öwsüp duran, pessaýja ýeliň ugruna kalbyňa ýetirýän ýaly, bu ýerler Beýik akyldaryň dogduk mekany bolansoň, Ýaradanyň eçilen sowgadydyr, gudrat göreý diýseň, daglara bar, daglara, diýleni, eýsem, Magtymguly etrabynyň Arapjyk obasynyň deňine ýeteniňde daglara syn etseň, Pyragynyň keşbini ýatladýan ajaýyp görnüş göze ilýär. Şahyryň şol keşbini görenler, şeýle gudratyň bardygyna haýran galýarlar.
Akyldar şahyryň döredijilik mirasynda esasy bellemeli zat, onuň Watanyna hakyky mukaddes söýgüsi, türkmen tire-taýpalarynyň agzybir bolmagy baradaky pikirleri, türkmenleriň beýik Garaşsyz döwleti döretmegi baradaky arzuwlary. Şahyryň pikiriçe, mähriban halkynyň parahat, asuda ýaşamagy üçin bu zatlar zerur bolup durýar. Bu gün beýik şahyryň arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl boldy. Hormatly ýurt Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gözel Diýarymyz bedew bady bilen täze üstünliklere tarap barýar. Bu gün türkmen halky bagtly we agzybir durmuşda wagtyhoşluk bilen ýaşaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarynyň astynda asuda we parahat ýurtda ýaşaýandygymyza buýsanjymyzyň çägi ýok. Halkymyz tarapyndan teklipleriň gelip-gowuşmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldamagy bilen şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy beýik akyldaryň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynda zähmet çekýän ýaşlaryň we işjeň agzalaryň belent başyny göge ýetirdi.
Nury NURYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.