Mawy ekranda peýda bolanyna çärýek asyrdan hem köp wagt geçmedik bolsa-da, “Ýeke özi öýde” (Home Alone) atly film ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli adamlaryň arasynda iň söýgüli film hasaplanylýar. Şonuň üçin bolsa gerek, 30 ýyldan gowrak wagt bäri täze ýylyň öňüsyrasynda ýaýlyma goýberilýändigine garamazdan, filme ählimiz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Näçe sapar görsekde, hiç hili ýadadanok. Film Jon Hýuzyň hemaýatkärlik etmeginde ussat kinorežissýor Kris Kolumb tarapyndan 1990-njy ýylda ABŞ-nyň Çikago sebitinde surata düşürilýär. Şol wagtlar kiçijik oglanjygyň haýsydyr bir ugurda gahrymançylygyny işläp taýýarlamak baradaky pikir Jon Hýuzda birnäçe ýyllar öň döräpdi. Oňa bu pikiri ahyrsoňy 1990-njy ýylda durmuşa geçirmek başartdy. Filmiň ýokary derejede şöhrat gazanjakdygy hakda şol wagt hiç kim pikir etmeýärdi. 18 million amerikan dollar çykdaýjy edilen film birnäçe ýylyň içinde dünýä prokatynda şowly görkezilip, 500 million dollara çenli girdeji gazandy. Has täsin ýeri, şol döwürlerden bäri dünýäniň ençeme dillerinde, köp sanly teleýaýlymlarda, birnäçe sapar görkezilýändigine garamazdan, her gezek tomaşaçylar tarapyndan ilkinji gezek görülýän ýaly kabul edilýär.
Kewiniň keşbi köp sanly çagalar üçin nusgalyk boldy. Sebäbi ýaş gahrymanyň görkezen edermenlikleri çagalar üçin diňe bir täzelik bolman, eýsem terbiýeçilik ähmiýete hem eýe boldy. Ata-enä, maşgala bolan söýgi, dost-ýarlaryňa bolan mähirli garaýyşlar, şeýle-de ýaşdygyna seretmezden, uly adam ýaly gürlemegi başarýan Kewin bu günki gün hemmämiziň hakydamyzda orun aldy. Filmiň 1-nji we 2-nji bölümleri gyzykly sýužetler, täsin wakalary bilen özüne çekýär. Film Piter we Keýt Makalisteriň maşgalasy hakynda gürrüň berýär. Kewin bäş çaganyň kiçisi. Özünden uly doganlary Buzz, Megan, Linni we Jeff. Maşgalasy uzak bir ýere syýahata gidip, 8 ýaşly oglanjygy ýadyndan çykarýar. Öýde ýeke özi galan Kewin atly oglanjyk bolsa entek kiçijekdigine garamazdan, öýüne abanýan howpuň öňüne ýeke özi böwet bolýar. Ogrular Garry we Marwiniň öýüne gelendigi üçin olaryň dadyny berýär. Bu ýerde esasy sýužet ýaş oglanjygyň ilkibada dörän gorkusyny jylawlap, özüne erk etmegi we ussatlyk görkezmegidir. 2-nji bölüm “Nýu Ýorkda azaşan” diýlip atlandyrylýar we has-da gyzykly başdan geçirmelere baý bolýar. Ýat ýere düşen oglanjygyň ruhdan düşmän, uly bir şäheriň “Plaza” myhmanhanasynda ýerleşmegi, ugurtapyjylykly hereketleri etmegi, jenap Dankonyň oýnawaçlar dükanyna gelen ogrulara garşy göreş alyp barmagy filmiň esasy wakalarynyň esasyny düzýär.
Eýsem şeýle ussatlyk görkezen 8 ýaşly oglanjygyň keşbini kim ýerine ýetirdikä? Bu keşbi amerikaly kinoaktýor we sazanda Makaolaý Karson Kulkin ýerine ýetirýär. Makaolaý Kulkin 1980-nji ýylyň 26-njy awgustynda Nýu-Ýork şäherinde dünýä inýär. Kewin 8 ýaşynda bolsa-da, özi şol keşbi ýerine ýetirende 10 ýaşyndady. Ussat aktýoryň sazandalyk hünärinden hem başy çykýar. Kulkin häzirki wagtda maşgala gurdy. Onuň ilkinji perzendi 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinde Los-Anjeles şäherinde dünýä inýär we häzir hem şol ajaýyp şäherde maşgalasy bilen bagtyýar ýaşaýar. Ol 2008-nji ýylda aradan çykan aýal doganynyň hormatyna ilkinji perzendine Dakota adyny dakýar.
Filmiň 1-nji we 2-nji bölümleriniň şowly çykmagy filmi surata alan kino ussatlary üçin onuň dowamyny almak barada gyzyklanma döretdi. Emma bu gezek Kewiniň keşbi başga bir aktýora ynanyldy. Sebäbi Kulkin 3-nji bölümde oýnamakdan ýüz öwürdi. Ol muny bir keşbi iki filmde ýerine ýetirip ýadandygy, birmeňzeş wakalaryň täzeden gaýtalanmagyny islemeýändigi bilen düşündirdi. Şunlukda, filmiň 3-nji bölüminde şol wagt 8 ýaşly oglanjygyň keşbi Aleksandr Dewid Linze ynanylýar.
“Ýeke özi öýde” filmi “Iň köp girdeji gazanan komediýa hökmünde” Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Ýeri gelende bellesek, Kewiniň ogrulary gorkuzmak üçin telewizorda görkezen “Gara ýürekli perişdeler” atly gysga metražly filmi ýörite surata düşürilipdir. Şeýle-de, Kulkiniň durmuşdaky hakyky jigisi Kieran hem filmde Kewiniň çykany Fulleriň keşbini ýerine ýetiripdir.
Kewiniň ogrulara garşy barlyşykly göreş alyp barýan sahnalary görkezilen öý ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Winetka şäherindäki Linkoln şaýolunyň 671-nji jaýy hasaplanýar. Bäş otagly ýaşaýyş jaýy, aşhana we basgançaklar her bir tomaşaçynyň ýadynda bolsa gerek. Birnäçe ýyllar Makalisterleriň öýi syýahatçylaryň gyzyklanýan ýeri bolup, jahankeşdeleriň tomaşa etmegi üçin mümkinçilikler döredilen hem bolsa, kompaniýa tarapyndan häzirki wagtda bu öý amerikan maşgalasyna kireýine berildi. Kireýden düşýän pullaryň haýyr-sahawat işlerine gönükdirilmegi filmiň şöhratyny has-da artdyrýar.
Filmiň şöhratly ýoly hakda gürrüň etsek, kän wakalara salgylanmaly bolarys. Döredilişinden şu günki güne çenli geçen şöhratly ýoly kino bilermenleriniň we kino sungatynyň tankytçylarynyň esasy üns merkezinde boldy. Filmde dürli keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetiren aktýorlar şondan soň köp sanly filmlerde şowly çykyş edenem bolsalar, olaryň her biri henizem “Ýeke özi öýde” filmindäki keşbi bilen tanalýar.
Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW,
Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň
Azatlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaş alym,
TMÝG-niň işjeň agzasy.