Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän ulydyr. Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde häzirki wagtda türkmen alymlary giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär, şahyryň döredijiligi giňişleýin wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen akyldar şahyryň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilmegi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Magtymguly Pyragy özüniň mizemez şygyrlary bilen ene süýdi ýaly päk ynsanperwerlik, watansöýüjilik, edermenlik, gahrymanlyk ýaly duýgulary ynsan kalbynda oýaryp häzirki güne çenli halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmek, adalatlylyk ugrunda göreş, söýgi, watana, maşgala wepalylyk, birsözlülik, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek ýaly özüniň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç edip ussatlyk bilen geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy geldi, maksatlarymyz myradyna gowuşdy. Bu bolsa şahyryň arzuwlarynyň, öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şirinjemal AMANOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.