BAGTYÝAR DÖWRÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR

     Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykyp elimize gowuşmagy tutuş türkmen halky, aýratyn hem biz bagtyýar ýaşlar üçin Täze ýylyň bosagasynda ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň bize — bagtyýar ýaşlara bagyşlanmagynyň özi bolsa hemmämiz üçin aýratyn buýsandyryjy ýagdaýy döretdi. Döwlet Baştutanymyz bu kitabynyň üsti bilen ýaşlara mähriban halkymyza, adamzat jemgyýetine ak ýürekden hyzmat etmegiň belent nusgasyny, milli ýörelgelerimizi dowam etmegiň terbiýe mekdebini görkezýär, jemgyýete wepaly şahsyýet bolup kemala gelmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär.

     Şonuň ýaly-da kitapda ýurdumyzyň ykdysady galkynyşyna, syýasy ösüşine, medeni durmuşyna goşant goşan ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Täze neşirde hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip belleýär. Dogrudan hem, bagtyýar türkmen ýaşlary döwletimizde özleri hakynda edilýän aladalara öz beýik ýeňişleri, mynasyp üstünlikleri bilen jogap berýärler. Biz bu hakykaty ýurdumyzyň sport, ykdysady, bilim we beýleki ulgamlardaky galkynyşynda hem aýdyň görýäris. Hatda Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi bilen ýurdumyz bilen daşary döwletleriň ugurdaş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda giň hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Bu bolsa Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da artdyrmakda, Watanymyzyň dünýädäki abraýyny şöhratlandyrmakda nobatdaky ädimlerdir.

     Halkymyzyň ruhy medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlary dowam etdirmekde, ruhy adatlaryna uýmakda ýaş nesliň wekilleriniň hyzmatynyň uludygy hemmämize aýdyň hakykatdyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda söz açmak bilen şeýle nygtaýar: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr».

     Durmuşyň her bir pursadyndan, öwrüminden söz açýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby biziň ýan kitabymyz bolup, türkmen ýaşlarynyň her bir işde gollanmasyna öwrüler. Kitapdaky umman ýaly giň we çuň manyny özünde jemleýän dana jümleler, parasatly pikirler ýaşlary watançylyk, merdanalyk, ruhy päklik we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolar.

     Bize şeýle ajaýyp kitaby peşgeş beren hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Durdy MAMEDOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar