Ýagşy arzuw-niýetler bilen bosagadan ätlän ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi agzybir türkmen halkymyzyň dana şahyry Magtymguly atamyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Şahyryň umman ýaly giň mana eýe bolan, dana we pelsepewi pikirlerden doly döredijilik dünýäsi bu günki gün adamzat jemgyýetiniň iň uly gymmatlyklarynyň hatarynda arzylanylýar. Hut şu esasdan şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny döwlet we halkara derejesinde giňden bellemäge uludan taýýarlyk görülýär. Bu bolsa türkmen halkynyň beýik şahyryna goýýan hormatynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýylymyzyň mynasyp adyna eýe bolmagy mynasybetli biz hem Kerki etrap merkezi kitaphanasynda «Magtymguly Pyragy — ähli döwürleriň we göwünleriň şahyry» atly duşuşyk geçirdik. Oňa etrabymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, okyjylar, bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň köpugurly döredijilik dünýäsinden söz açyldy. Ildeşlerimiz öz çykyşlarynda dana akyldaryň dürdäne setirleriniň ýaşlary terbiýelemekde ähmiýeti, milli däplerimiziň we ýol-ýörelgelerimiziň, halkymyzyň döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň waspynyň akyldaryň döredijiliginde eýeleýän orny dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şahyryň halkyň arasynda ýaşap, aýdym bolup, nakyl bolup aýdylyp gelýän şygyrlarynyň okalmagy duşuşyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle-de, çykyşlarda akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna dünýä halklarynyň arasynda çäksiz hormat-sarpa goýulýandygy, şahyryň döredijiligini öwrenmekde döwlet we halkara derejesinde köp işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Atajan JORAÝEW,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.