ASYLLY DÄPLER DOWAMAT

      Her bir ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürme giň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Täze ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ählimizi guwandyrdy. Ruhy baýlyga aýratyn gadyr goýýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, geçen 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem türkmen halkynyň durmuşynda üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Çünki döwür ýaşlardan güýç alýar, ýaşlygyň joşgunyndan hyjuwlanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem ýaşlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge we ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga has-da uly mümkinçilikleriň döredilen ýyly boldy. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütin dünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi ýatdan çykmajak waka boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hemde ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen ruhlandyryjy sözleri ýurdymyzda ýaşlara bildirilýän pugta ynamdan aýdyň nyşandyr. Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir diýip, ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

 

«Aşgabat» gazeti,

04.01.2023 ý.

Meňzeş habarlar