DIŇE TÄZE ÝYL HAKYNDA

       Täze ýyly garşy almagyň uzak taryhy ýoly bar. Taryhy maglumatlara salgylansak, bu ajaýyp baýramçylyk ilkinji gezek biziň eýýamymyzdan öňki III-IV müňýyllykda gadymy Mesopotamiýada bellenip geçilipdir. Gadymy döwürlerde Täze ýylyň ýaz paslynyň ýa-da güýz paslynyň başynda bellenilip geçilendigi welin has täsin. Gadymy Rimde ruhanylar Täze ýyly 1-nji martda garşy alypdyr. Şol wagtda rimlilerde Täze ýyl garşy alnanda, täsin däpler hem ýüze çykyp başlapdyr. Olaryň ynanjyna görä, Täze ýyl birek-birege ýakymly sözleri aýtmakdan başlamaly. Munuň bolsa, adamlary biri-birine ysnyşdyrýandygyna ynanypdyrlar. Şeýle-de, teňňe sowgat etmek asylly däbe öwrülip başlapdyr. Wagtyň geçmegi bilen, Täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy almaga girişilip başlanypdyr. Bu senede garşy almak düzgünini bolsa, ilkinji bolup Ýuliý Sezar senenama girizipdir.

       1492-nji ýyla çenli Täze ýyl Russiýada mart aýynda garşy alnypdyr we şol ýyl bu däp sentýabr aýyna geçirilipdir. Emma Pýotr I öz döwründe, 1700-nji ýylda 1-nji ýanwarda bellemek barada karar çykarypdyr. Ilkinji gezek rus patyşasy şol wagt halkyna ýedi günüň dowamynda dynç almaga rugsat beripdir.

       Täze ýylyň ilkinji aýy bolan ýanwar aýynyň adynyň gelip çykyşy barada bellemek isleýärin. Taryha salgylansak, bu aýyň adynyň gelip çykyşy öz gözbaşyny gadymy Rimiň Ýanus atly taňrysyndan alyp gaýdýar. Rowaýata görä, Ýanus gapynyň we ähli başlangyçlaryň hudaýy bolup, ol iki ýüzli görnüşde suratlandyrylýar. Onuň bir ýüzi geçmişe, beýleki tarapy bolsa geljege bakýar. Şonuň üçin ýanwar iki ýylyň sepgidindäki aý hasaplanýar.

 

 

 

Taýýarlan: Meretgül ESENOWA,

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň

44-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar