Beýik Britaniýada Täze ýyly garşy almak üçin özboluşly däpler berjaý edilýär. Iňlisler gapyny giňräk açanyňda, ähli erbetlikleriň öýden çykýandygyna, penjiräni açyp goýanyňda welin, ähli şowlulyklaryň girip geljekdigine ynanýarlar. Sagadyň diliniň on ikä golaýlan mahalynda, olar adatça arka gapylaryny açýarlar, garşy alanlaryndan soň, öýüniň öňki gapysyny açýarlar. Şeýle hem baýramçylyk agşamynda birek-biregiňkä myhmançylyga barlanda, ýanlary bilen kömür alyp gidýärler. Kömür myhman tarapyndan öýüň ojagyna atylyp, geljek ýylda oduň sönmezligi, şowlulygyň ýaran bolmagy arzuw edilýär. Çagalar üçin bu ýurtda Täze ýyl has-da ýatda galyjy bolýar. Sebäbi çagalar Santa Klausa hat ýazýarlar. Hatyň mazmunynda arzuwlar beýan edilýär. Uly adamlar hem çagalardan kem galanok. Olar hem dürli salgylara hatlary ýazyp, bukja salyp ugradýarlar. Bukjada gowşan hat asylly däbe görä hökmany okalýar. Şeýle-de, olaryň asylly däpleriniň biri her bir maşgala öz öýünde iki sany arçany bezeýär. Iňlisleriň pikirine görä, bagt we şowlulyk goşa-goşadan gelýär.
Germaniýada gadymy döwürlerde Drezden bazarynda patyşa üçin Täze ýyl sowgady hökmünde “Ştolen” atly uly göwrümli keks bişirilip gowşurylypdyr. Bu ägirt uly keksi götermek üçin azyndan 20-ä golaý adam gerek bolupdyr. Şondan bäri uly göwrümli keksleri bişirmek bu ýurtda asylly däp bolup gelýär. Şeýle-de, nemes halky Täze ýylyň girmesine az wagt galanda, oturgyja münýärler we arzuw edip aşak bökýärler.
Şotlandiýada Täze ýyl agşamynda adamlar ýanyp duran pejiň daşyna üýşýärler. Olar oduň geçen ýylyň kynçylyklaryny ýakjakdygyna ynanýarlar we arzuw edýärler. Şeýle hem, Täze ýyl günleri hapa atylmaýar. Baýramçylyk agşamynda öýüňe ilkinji ädim äden adam bagtyň nyşany hasap edilýär.
Ispaniýada Täze ýyl girmezinden ozal, 12 däne üzümi taýýarlap goýýarlar. Täze ýyl giren badyna, 12 sany üzümi iýip ýetişmek däbi bar. Eger ýetişse, geljek ýyl baýlyk, saglyk we bagt getirýär diýip düşünýärler.
Italiýada geljek ýylyň şowly bolmagy üçin ähli gerekmejek köne zatlary zyňmak hem-de Täze ýyl agşamy diňe täze geýimleri geýmek asylly däpdir. Şeýle baýramçylyk agşamynda olar biri-birine üzüm, maňyz we merjimek hödür edýärler. Bu önümleriň bereket, saglyk we uzak önüm getirýändiklerine bolsa, ynanýarlar.
Russiýada Täze ýyly şampan içgisi bilen garşy almak däpdir. Sebäbi şampan atylanda, onuň gazly köpürjikleri ýaýrasa, gowulyk hasap edilip, öýe nur sepilendigine ynamy döredýär.
Taýýarlan: Mähri ESENOWA,
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň
jemagat hojalygy müdirliginiň buhgalteri,
TMÝG-niň işjeň agzasy.