MAGTYMGULY ADYŇ DILLERDE DESSAN!

       Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly üstünlikler bilen tamamlan halkymyz täze Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna uly ynam we ruhubelentlik bilen gadam basdy. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan şygyrlary diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň sarpasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has hem beýgelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy ylmy esasda öwrenilip, dünýä ýaýmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde şahyryň goşgulary eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesiniň, halkymyzyň bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup köňüllere dolýar. Türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň köp dillere terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde beýik söz ussadyna we onuň mirasyna gyzyklanmany has-da artdyrýar.

       Şöhratly taryhymyzda pähimdar pederlerimiz, akyldarlarymyz ruhy hazynany baýlaşdyrypdyrlar, ösdüripdirler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem ruhy hazynadyr, gymmatly edebi mirasdyr. Şonuň üçin hem türkmen halky beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň mazmun we çeperçilik taýdan kämil baý döredijiligine uly sarpa goýýar. Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek asylly däpleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden taýýarlyk görlüp, ony dabaralandyrmak maksady bilen dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň çäklerinde akyldar şahyryň baý edebi mirasyny içgin öwrenmekde döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlaryň guralmagy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga goýulýan gadyr-gymmatyň, bimöçber hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan hem 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi meşhur söz ussadynyň döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak  hazynasydygyny tassyklaýar.

       Beýik taryhy şahsyýetleriň ruhlaryny belende götermekde, türkmen halkynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik maksatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýnatäç NEDIROWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar