AÝDYM – ONUŇ YKBALY

    “Zer gadryny zergär biler” diýlişi ýaly, çyn zehiniň gadyryny hem il bilýär. Söhbetimiziň baş gahrymany hem ýaşlygyna garamazdan, muşdaklarynyň kalbynda orun almagy başaran ýaş aýdymçylaryň biri Didar Orazdurdyýewdir.

-“Men bagşy” diýip, uly sahna çykmak, muşdaklaryň söýgisini gazanmak aňsat däl bolsa gerek?! Onda-da sungat älemine ýaňy gadam basyp ugran bolsaň!

-Elbetde, her zadyň öz kynçylygy bolýar. Iliň öňüne çykmankaň, ilki bilen sungatyň agyr keşigini çekip biljekdigiňe özüňde ynam bolmaly. Şeýle bolanda, zehin bilen yhlas seni öz arzyly menziliňe ýetirýär, il-günüň nazaryna ilmegi, halypaň tamasyny ödemegi başarýarsyň.

-Gürrüň gozganyňyza görä, söhbetimizi halypalaryňyz hakynda dowam edäýeliň.

- Aýdym aýtmagy heniz dört-bäş ýaşlarymdan bäri höwes edip gelýärin. Meniň esasy halypalarymyň biri Meret Hudaýnazarow. Men ondan dutar çalmagyň, dessan aýtmagyň inçe tilsimlerini öwrendim. Okuwçy wagtym Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň çagalar sungat mekdebine gatnap mugallym Akmyrat Gurbanmämmedowdan alan tälimlerim sungat ýolunda taplanmagyma, belli bir derejede kämilleşmegime mümkinçilik berdi.

-Maşgalaňyzda aýdym-saza ýykgyn edýän barmy?

-Ýok.

-Size çagalykdan aýdym-saza bolan höwesiň döremegine nämä täsir etdikä?

-Elbetde, bu-da bir ykbalyň emridir-dä. Men häzirki Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Pekgeý obasynda doguldym. Daşoguz sebitlerinde bagşylara, onda-da dessançy bagşylara aýratyn gadyr goýulýar. Öýümizde Magtymguly Garlyýewiň ses ýazgylary mydama ýaňlanar durardy. Çuwal bagşynyň aýdymlaryndan gulagym ganandan soň, mende-de aýdym aýtmaga höwes döredi. Obamyzda toý bolsa, onda-da bagşy aýdýandygy gulagyma degse, hökman baryp diňlärdim. Dutaryň owazy ýaş kalbymy özüne imrindirýärdi. Sungata höwesimiň barlygyny duýan maşgalam meniň aýdymçy bolmagyma uly itergi, goldaw berdi.

- Pursatlar hakynda gürrüň edeliň! Käbir pursatlar bolýar, durmuşymyzy düýpgöter özgerdip goýberýär. Käbir pursatlary bolsa, hiç wagt unudyp bolmaýar, olar durmuşymyza aýratyn öwüşgin çaýýar.

    -Beýle pursatlar durmuşda kän bolýar. Siziň bu sözüňiz meniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäginde geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşikde welaýatymyzyň ýaş dessançy bagşylar toparymyz bilen birlikde ýeňiş gazanan, Şa serpaýyna mynasyp bolan pursatymyzy hyýalymda janlandyrdy. Bu 2013-nji ýylda bolupdy. Unudylmajak şol gün meniň döredijiligime, durmuşyma aýratyn mazmun bagyşlady. Şeýle hem, 2016-njy ýylda “Milli mirasymyzda dessançylyk ýoly” atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda baş baýraga hem mynasyp bolupdym.

-“Yhlas bile bir kämile gol beren Ýeter bir menzile, ýetmeýin galmaz” diýýär Magtymguly atamyz. Siziň okaýan, bilim alýan ugruňyz aýdym-saza dahylly däl bolsa-da, halypalaryňyzyň yhlasyny haklap, sungata ömrüňizi baglapsyňyz.

    -Hawa, sungata bir köňül bereniňden soň, ol seniň durmuşyňdan asla aýry bolmaz eken. Ol ömrüň mazmunyna, ykbalyňa öwrülýär. Sen nirede bolsaň-da, haýsy kärde zähmet çekseň-de, sungat durmuşyň aýratynlyklary bilen eriş-argaç baglanyşmaga, şolar bilen sazlaşmaga ukyply gudrat eken. Men “Serhet owazlary” harby orkestriň düzüminde harby gulluk borjumy ýerine ýetirdim. Harby gulluk borjum tamamlanandan soň hem, bu orkestrde birnäçe ýyl zähmet çekdim. Häzirki wagtda Türkmen oba hojalyk institutynda bilim alýaryn. Okuwlarymdan daşary institutyň çeper höwesjeňler toparynyň düzüminde medeni çärelerde çykyş edýärin. Talyplaryň arasynda geçirilýän “Gerçek ýigit” bäsleşigine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdim. Mundan başga-da, birnäçe aýdymlarym teleýaýlymlarda ýaýlyma berilýär. Milli mirasymyza aýratyn gadyr goýulýan zamanada dessançy bagşylar türkmen toýlarynyň gelşigine öwrüldi. Tutumy uludan tutulýan toýlarda “Görogly” şadessanyndan “Harman däli”, “Göroglynyň öýlenişi” şahalaryny ýerine ýetirýärin.

-Elbetde, Berkarar döwletimizde ýaşlar hakynda uly alada edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň aýratyn ukyp-başarnyklaryny açmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, döredijiliklerine goldaw bermek babatda giň mümkinçilikler döredilýär.

    -Biz ýaş bagşylaryň uly sahnalarda, döwlet derejesinde geçirilýän dabaralarda çykyş edip, halkymyza, ata Watanymyza hyzmat etmegimiz, sungat ýolunda kämilleşmegimiz üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Aýratyn hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň çäklerinde bagşylaryň we sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň geçirilmegi hem milli aýdym-saz sungatymyzda zehinli ýaş ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak, olaryň döredijiligini goldamak babatda aýratyn alada edilýändiginiň alamatydyr. Munuň üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Belent maksatly başlangyçlary, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

-Güneşli Diýarymyzda hoş owazly aýdymlaryňyzyň belentden ýaňlanmagyny arzuw edýäris! Täsirli söhbetdeşlik üçin sagboluň!

    -Sagboluň!

 

Söhbetdeş bolan: Gurban GURBANOW, žurnalist.

Meňzeş habarlar