Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň her birimiz üçin uly gollanma boldy, ýüreklerimizi buýsanja besledi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky parasatly sözleri kalbymyza ylham berýär. Many-mazmuna baý bolan bu kitap watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Kitapda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzda ýaş nesiller, şol sanda çagalar hakynda edilýän tagallalar giňden açylyp görkezilýär.
Bu günki gün türkmen ýaşlary ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda başarnyklaryny görkezip, hormata mynasyp bolýarlar. Yzygiderli ünsüň we goldawyň netijesinde, ýaş nesiller ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy orunlara gadam urýarlar. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly täze taryhy döwürde başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary, geljegi uly taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek wezipeleri durýar. Döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ata Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Bu bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen sözleri ýaş nesilleri belent sepgitlere çagyrýar.
«Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny, ynsanperwer syýasatyny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň galamy ýiti, halkymyza sowgat eden ajaýyp eseriniň höwri köp bolsun! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly ynam bildirişi ýaly, ýaşlarymyz hem Garaşsyz Watanymyzyň daýanjy bolup ýetişsinler!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.