Kitap – paýhas çeşmesi. Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan kitap baradaky nakyllardan, dana pähimlerden görnüşi ýaly, kitap – bu geçeni, geljegi öwredýän danadyr, seniň terbiýeçiňdir. Orta asyrlaryň meşhur şahyry Reýhan Horezminiň «Mertebeler we kemlikler» atly eserinde «Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok» diýip ýazan sözlerinden belli bolşy ýaly, kitap ynsanyň aklyny goýaldyjy dosty, mugallymy, ýolbeledi, onuň baky hemrasydyr. Kitaby özüne dost edinen adamyň ruhy garyp bolmaz. Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak biziň milli ýörelgämizdir. Geçmişden mälim bolşy ýaly, öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkymyz taryhyň ähli döwürlerinde biziň ruhy-medeni gymmatlarymyza, paýhas hazynamyz bolan kitaplarymyza uly hormat goýupdyrlar. Guba düýesini bir kitaba çalşan ata-babalarymyzyň bolandygy, olaryň kitaba bolan söýgüsiniň beýikdigini subut edýär. Gündogaryň görnükli şahyry Abdyrahman Jamy:
Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,
Oňarsaň bolgun sen onuň gümrasy,
Kitap dostdur, asla gama batyrmaz,
Aklyňy goýaldar pikirleň şasy —
diýen bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyzda: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen setirler bar. Elbetde, kitaby köp okan arassa pikirli, sowatly, bilimli, ruhubelent, kämil terbiýeli bolýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýaşlarymyza kitaby giňden okamaga ähli mümkinçilikler döredildi. Ylmyň, bilimiň, tehnologiýanyň ösýän, kitaplaryň ähmiýetiniň hasda artýan döwründe birnäçe dünýä derejesindäki döwrebap kitaphanalar gurlup, ulanylmaga berildi, milli edebiýatymyzyň nusgalary gaýtadan neşir edildi, şeýle hem dünýä edebiýatynyň meşhur eserleri terjime edilip halk köpçüligine ýetirilýär. Neşir edilýän kitaplaryň hatarynda, sanly tehnologiýalaryň miweleriniň biri bolan elektron kitaplar hem ýaşlar üçin elýeterli bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz kitaphanalaryň döwrebap işlemegi, ýaş okyjylar köpçüligini hasda özüne çekmegi üçin uly aladalary edýär. Çünki, ylymly-bilimli, sagdyn pikirli, köňli ynsanperwer ýaşlar biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljegidir.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.