Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Bu bolsa Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki, şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem dünýä halklarynda ýaňlanýar.
Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýurt baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi» atly brifing duşuşygy geçirildi. Bu brifing duşuşygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy çykyş etdiler we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli öňde goýlan çäreler, durmuşa geçirilmeli işler, kämil kanunçylyk binýady hem-de Pyragynyň edebi mirasyna goýulýan hormatyň çäksizdigi dogrusynda gürrüň berdiler. Brifing duşuşygyna dürli ugurlarda okaýan, zähmet çekýän ýaşlarymyz hem gatnaşdylar we ýaşlarymyzyň gyzyklanma bildirýän soraglary bilen sowal-jogap görnüşinde utgaşykly dowam etdi.
Türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny geljekki nesillere ýetirmek, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, bagtyýar durmuşa taýýarlamakda uly mekdepdir.
Goý, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen ýaşlarynyň ýagty ykballaryny has-da nurlandyrsyn! Türkmen ýaşlary tüýs bagtly ynsanlar. Çünki biziň gaýybana halypamyz, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy bar. Akyldar şahyryň ruhuny tirsegine galdyryp, onuň edebi mirasyna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Ýaşlaryň howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Aýjan SAPAROWA,
TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.