Russiýada Feýerwerkleriň we bezeg çyralarynyň utgaşykly täsin atraksion keşbi emele gelip, ýurduň ähli künjegi baýramçylyk gözelligine beslenýär. Dabaralar bolsa, tutuş ýurdy gurşap alýar. Şüweleňlere we konsertlere giň gerim berilýär. Täze ýyly täze eşikde, täze köwüşde garşy almak däp hasap edilýär. Bu ýurtda Täze ýylyň öňýanynda ähli algy-bergileri üzlüşmek, öýke kineleri bagyşlamak, öýkeleri ýaraşdyrmak oňat görülýär. Şeýle hem baýramçylyk üçin hamyrdan ýasalan öý haýwanlarynyň, atlaryň, öküzleriň şekiljiklerini ýasaýarlar. Şeýle şekiljikleri, dürli süýji kemputlary, hozlary adatça, myhmanlara sowgat berýärler.
Kanadada Täze ýyl turuwbaşdan dabaraly we şatlykly garşy alynýar. Şäheriň ähli köçelerinde bezeg çyralarynyň müňlerçesiniň ýakylmagy ynsanlarda özboluşly baýramçylyk ruhuny kemala getirýär. Kanadada bir adat bar. Baýramçylygy neneň garşy alsaň, ol saňa şoňa görä şatlyk eçilýär. Ol diňe özüňe bagly. Adatça kanadalylar dynç alyş günlerini diňe rahatlyk ýagdaýynda geçirýärler. Emma bu günlere adaty sene hökmünde seredilmeýär. Adatça baýramçylyk agşamlary maşgala bolup gezelenç etmek we baýramçylyk tagamlaryny edinmek bu ýerde asylly ýörelgeleriň biridir.
Italiýada Roždestwo adatça bu ýerde dekabryň 24-inden 25-ine geçilen gije garşy alynýar. Şol pursatlardan baýramçylyk giň gerimde bellenilip başlanýar we tä ýanwar başlanýança dowam edýär. Esasy dabaralar şäherleriň merkezi meýdançalarynda has-da şatlyk-şowhuna beslenýär we bu ýere italýanlaryň müňlerçesi ýygnanýar. Täze ýyl maşgala baýramçylygy hökmünde, maşgala bolup Täze ýyl agşamyny şatlykly geçirmek asylly däpleriň biridir. Ýurduň ähli künjegi turuwbaşdan dürli öwüşginli attraksionlaryň we bezegleriň ajaýyp şäherine öwrülýär. Ähli köçelerde şatlyk we dabara höküm sürýär. Dagda lyžaly typmak bu ýere gelen jahankeşdelerde baýramçylyk günlerinde has-da uly täsir galdyrýar.
Taýýarlan: Hangeldi ITALMAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.