TÄZE ÝYL ÝEWROPADA NÄHILI BELLENILÝÄR ?

      Fransiýada Täze ýyl güni pirog bişirilýär. Fransuzlar adatça bişirilýän pirogyň  hamyryna bir noýba dänesini goşmagy asylly däp hasaplaýarlar. Şol noýba dänesi kimiň paýyna düşse, şonuň hem arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar. Fransuz çagalar adatça Täze ýyl gijesinde ojagyň başynda  aýakgaplaryny goýýarlar we Aýaz babanyň içine kiçijek ýadygärlik sowgat goýjakdygyna ynanýarlar.

      Italiýada Täze ýyl baýramçylygynda köprüden Tiber derýasyna bökýän adamyň geljek ýylda bagtly boljakdygyna ynanylýar. Bu ýurtda Täze ýyl arçalary köki bilen satylýar. Şeýle hem arçany küýzede oturdyp, baýramçylyk agşamynda stoluň başynda goýýarlar. Munuň özi, rowaçlygyň we üstünligiň alamatyna öwrülýär. Şeýle hem, Täze ýyl gijesinde eline gymmatbaha sowgat alyp, köçä çykýan adamlara gabat gelmek mümkin. Sowgatly adamlar asylly däbe görä,  garşy alynjak ýylyň soňky iki sanyna görä, ýagny 2024-nji ýyl garşy alynýan bolsa, 24 ädim ýöräp, ilkinji öňüne çykan adama sowgady gowşurmak bagtlylykdan nyşan hasap edilýär.

      Gresiýada Täze ýyl gijesi nar döwmek däbi has ýörgünlidir. Nar bagtyň nyşany hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Täze ýyl agşamynda öýüň maşgalabaşysy daşary çykyp, howluda naryň miwesini diwara urýar. Naryň miweleriniň howla ýaýramagy bolsa, şol maşgala üçin Täze ýylyň bagtly ýyllaryň biri boljakdygyna ynamy artdyrýar. Şeýle-de, bu ýurtda ýerli halk myhmançylyga baranlarynda, ýanlary bilen garaharsaň daş alyp barýarlar we ony goýup gaýdýarlar. Munuň özi, myhmanyň baran öýüniň Täze ýylda girdeýjileriniň artyp, rysgal-berekediniň daş ýaly berk bolmagyny arzuw edýänligini görkezýär.

Taýýarlan: Nurýagdy GALPAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar